(13 марта 2015) Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahaty boldy.
Biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda geçirilýän işewürler duşuşyklary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda türkmen döwletiniň gazanýan üstünliklerini görkezmek, ýurdumyzyň maýa goýum kuwwatyny ýüze çykarmaga ýardam edýär, daşary ýurtly maýadarlar üçin bolsa geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Eýýäm däbe öwrülen şeýle çäreler dürli pudaklara maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga, tutuşlygyna alnanda türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplydygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän möhüm ýagdaýdyr.Şol maslahatlarda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen täze ýollar we usullar kesgitlenilýär. Diňe şu ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň birnäçesiniň, şeýle hem ýakynda Stambulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna gabatlanan Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahatynyň geçirilendigi guwançlydyr.Türkmen döwletiniň Baştutanynyň maslahatlara ençeme gezek gatnaşandygyny hem belläp geçmeli, munuň özi ýurdumyzyň özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegi hem-de dünýäniň işewürler bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýändigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan turuwbaşdan parahatçylyga we hyzmatdaşlyga ugur aldy, munuň özi diňe bir içerki ösüş üçin göwnejaý şertler bolmak bilen çäklenmän, häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryndan gelip çykýan giň möçberi obýektiw islegdir…
”Mizan” işewürler merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany garşy alýar. Prezident Hasan Ruhani eýran halkynyň adyndan halkara gatnawlary üçin “SCANIA” kysymly döwrebap ýolagçy awtobusy türkmen halkyna sowgat berýär.Soňra iki ýurduň Liderleri işewürler merkeziniň binasynyň eýwanyna geçýärler. Bu ýerde neşir önümleriniň—hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň, häzirki zaman Türkmenistan we halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän kitaplaryň, şeýle hem mili zergärçilik we haly önümleriniň, žiwopis eserleriniň hem-de türkmen ussatlarynyň keramiki işleriniň sergisi guraldy.“Mizan” işewürler merkeziniň mejlisler zalyna iki ýurduň hökümet agzalary ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Eýran Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, esasy eýran kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça kabul edilen giň gerimli maksatnamalaryň hem eýranly hyzmatdaşlarymyzda gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.Prezident Hasan Ruhaniniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin hemme şertler döredildi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljegi uly bolan birnäçe ugurlar boýunça ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şu babatda belent mertebeli myhman iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda, şeýle hem syýahatçylyk ugry we işewürlik boýunça gatnaşyklary giňeltmek babatda pikirini beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Eýranyň maliýe hem-de bank düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginiň wajypdygy bellenidi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyna, özara bähbitlere kybap gelýän döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam berer.
Prezident Hasan Ruhani eýran tarapynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň birek-birege dünýä bazarlaryna çykmak üçin özboluşly “derweze” bolup durýandygyny belledi. Şu babatda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça, şol sanda üstaşyr-ulag düzümini, hususan-da, Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesini döretmek arkaly giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.Şunda Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşalyşynyň görnetin artmagy, awtomobil ýollary boýunça ýük daşalyşynyň möçberleriniň ýokarlanmagy üçin uly geljegiň bardygy bellenildi. Eýranyň Prezidenti bu meseläniň ýokary derejede geçirilen duşuşykda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, bu ugurda özara hereket etmegiň ýakyn wagtda anyk netijelerini berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi