(20 марта 2015) Soňky döwürde düýş görmän, gara basman, guzy ýaly myrlap ýatyp, her gün irden çaga ýaly ýylgyryp oýanmam bardy.
Emma mitingler we demonstrasiýalar hakynda kanun çap edileninden soň her gije diýen ýaly düýş görmäge başladym.
Dogrusy, başda düýşlerim erbedem däldi. Olaryň birinde ir sagat 7-den agşam sagat 10-a çenli aralykda Prezident köşgünden 200 metr uzaklykda, ýeke adamyň protestine çykýaryn. Arkamda, döşümde “Arkadag ogrybaşy, ýurdy gurluşyk bilen batyrdy!” diýen ýazgy bar.
Durun. Ýanyma gelýän, “Edýäniň näme?” diýýän ýok.
“Beh, kanun dogrudanam işleýär-ow, indi bizde-de kanun esasynda bir zatlar edip boljag-ow” diýip, umytly pikir edýärin. Emma içimde bükgüldi bar: “Öýe gaýdyşyn, ýolda güpbasdy edip, KGB-äň podwalyna salyp, it ýenjen ýaly ýençseler gerek…”
Emma gaýdyşyn hem ýanyma gelen bolmady. Men bu ýagdaýdan ruhlanyp, ertesem ýeke adamlyk proteste çykdym. Bu gezek Ministrler kabinetiniň täze binasynyň 200 metrliginde durdum. Arkamda ýene şol ýazgy. Emma indi ýazgylary daşdan hem görner ýaly edip, uly we gara harplar bilen ýazdym. Ýene towugyma tok diýen bolmady. Emma meni goldan ýa duýgudaşlyk bildiren hem tapylmady. “Adamlar täze kanuny bilenoklar öýdän, aý, bizde kanun okaýan barmy?” diýip, içimden hüňürdedim.
Bir gün arakesme alyp, ýene proteste çykdym. Bu gezek Daşary işler ministrliginiň ofisiniň 200 metrliginde durdum. Arkamda, döşümde bolsa “Mitingler, demonstrasiýalar kanunyny okaň, ol biziň gurluşyk ogurlygyna garşy çykmak hukuklarymyzy kepillendirýär” diýen ýazgy bardy. Ýene ýanyma gelen bolmady. “Bolýar, gelmäň, goldamaň, emma tutup, dälihana ýa KGB-ä salmasaňyz bolýar” diýip, içimden heşelle kakdym. Emma ir begenen ekenim.
Ertesi Mejlisiň binasynyň 200 metr uzaklygynda durdum. Arkamda “Aşgabada çyrşalan ak mermerlere berlen puly obalara arassa suw çekmäge beren bolsalar, köp çaga halas bolardy, mermer gowumy ýa çagalaryň saglygy?” diýip ýazdym.
Ýene zat diýen bolmady. Emma öýe gelip, agşam täzelikleri diňlejek bolsam, TW-de meniň bir adamlyk protest geçiren ýerlerimde guralan köpçülikleýin demonstrasiýalary göni efirde alyp görkezip durlar. Prezident köşgüniň ýanynda ak sakgally, dürli welaýatlardan getirilen ýaşulular miting geçirse, Ministrler kabinetiniň ýanynda intelligetsiýa wekilleri, ýazyjylar, artistler miting geçirip, Arkadaga alkyş aýdýar. Daşary işler ministrliginiň ýanynda bolsa, studentler, ak keteni köýnek geýen gyzlar bilen gara balakly oglanlar Arkadaga “ýokary bilim almak üçin döreden ajaýyp mümkinçiligi” üçin alkyş aýdýarlar.
Men adalatsyzlykdan zeýrenjek bolup, aýalymy gözledim, emma öýde ne aýalym, ne başga biri tapyldy. Onsoň ýene öz-özüme hüňürdedim: “Metbugat kanuny işlänok… Mitingler kanunynyň bir özüniň işlemeginden peýda ýok…”
Ertesi mejlisiň binasynyň ýanyna proteste çykdym. Arkamda we döşümde şeýle ýazgy bardy: “Metbugat kanyny Mitingler kanuny bilen deň işlemeli, biri işläp, beýlekisi işlemese, ne adalat bolar, ne demokratiýa!”
Agşam 10-da öýe gelsem, TW-de ýurduň at-derejeli žurnalistleriniň, ýazyjylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik görkezilip dur. Gepleşige çagyrylan adamlar gezek-gezegine, käte bir-birleriniň sözüni bölüp, Arkadagyň gol çeken Metbugat kanunynyň dünýä üçin nusga alarlyk kanundygy, bizde söz, metbugat azatlygy üçin ähli şertleriň döredilendigi, senzura düýpden ýol berilmeýändigi hakynda joşup-şoşup gürrüň edýärler.
Ýene saçlarymy penjeläp, agyryma çydaman iňledim. Ýöne bu iňňildi aýalymyň gaharly hüňürdisiniň aşagynda “syrtyny gysmaly” boldy. Men ýalpa gözümi açdym.
“Ýene düýş gördüňmi?” – Aýalym gaharly sorady.
“Hawa, ýeke adamlyk proteste çykýamyşym, zat diýenokmyşlar…”
“Besdir, men ýatjak” diýip, aýalym aňrysyna öwrüldi.
Ertesi ir sagat 10-larda, gapynyň jaňynyň sesine oýandym. Gapyny açsam, obadaky ýegenim Alymerdan gelipdir. “Ahyry düýşümi gürrüň berer ýaly adam tapyldy” diýip, içimden begendim.
Alymerdan elindäki kagyz paketi iç işikde goýup, iki elini uzadyp, edepli salamlaşyp, melleginde biten käşirden palawlyk getirendigini, hemem bir kiçijik haýyşynyň bardygyny aýtdy.
Men “kiçijik haýyş” diýlen sözi eşidip, gözümi tegelänimi duýman galdym. Sebäbi garyndaşlar “kiçijik haýyş” diýip, hemişe karz pul dileýärdiler.
Alymerdan çaý başynda 2016-njy ýylda obalarynda 150 orunlyk çagalar bagynyň guruljagyny, gyzy Äşäni şol çagalar bagyna terbiýeçi edip işe ýerleşdirmek isleýndigini gürrüň berdi.
Men onuň bu niýetini oňladym, emma indiki ýyl guruljak çagalar bagyndaky terbiýeçilik üçin şu wagtdan para bermek, ýagny Äşäniň geljekki işine alaja dakyp goýmak pikirini welin oňlamadym. Sebäbi bu alaja diňe Alymerdana däl, maňa-da gymmat düşjekdi, ol menden azyndan $300 soraýardy.
“Ýegen, ynhajykka Mitingler kanuny çap edildi, indiki ýyla çenli nä pelek, bu parahorluk dowam etmez, biri dur diýmeli bolar, etme şul işi” diýip, oňa düýşümde mitinge çykyşymy gürrüň bermäge başladym. Alymerdan menden pul bolmajagyny bilip, sowuk-sala hoşlaşyp, gitmek bilen boldy.
“Wäh, ýegeniň göwnüne degdim-ow” diýip, gynanyp otyrkam ýene gapy kakyldy. Açsam, işikde bir daýaw pyýada dur. Ol meniň adymy tutup, salam berdi. Men salam aldym-da: “Inim, tanamadym-la?” diýdim.
“Häzir tanarsyň…” Ol jübüsinden Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahadatnamasyny çykaryp, gözümiň öňüne tutdy. Men gapynyň agzyndan yza çekilip, oňa içeri girmegi mürehet etdim.
“Ýaňyja habar geldi, siz ýegeniňiz Alymerdan bilen häkimiýetlere garşy mitinge çykmak barada gürrüň edipsiňiz…” Milli howpsuzlyk ofiseri aýakgaby bilen töre geçip barşyna ýuwaşjadan söze başlady.
“Ýalan, men oňa diňe Mitingler kanuny çykandan soň gören düýşümi gürrüň berdim…”
Ofiser jübüsinden telefonyny çykaryp, özüne iberilen hatlaryň birini açdy: “Taksisleriň arasynda işleýän agentimiziň beren maglumatyna görä, siz täze kanun barada negatiw düýş görüp, onam obadan gelen sada adamyň ýanynda gürrüň edip, bagtyýarlyk eýýamymyza şek ýetirjek bolupsyňyz…”
MHM-niň nähili işleýänini bilemsoň, gürrüňiň syrygýan ugruny aňyp, wagtynda öňüni böwetlemegiň aladasyny etdim.
“Inim, men bir ýaşuly adam, düýşüňi gürrüň berdiň diýip, podwala süýräp ýörjekmi indi?”
“Podwala süýremek barada gürrüň gidenok, agam! Emma siz ýaşlara watançylyk terbiýesini bermeli halyňyza, obadan gelen sada adamy ýoldan çykarjak bolsaňyz, biz muňa ýol berip bilmeris.”
“Bolýa, men indi negatiw düýş görmezlige, gören düýşümi hem gürrüň bermezlige Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” kitabyndan ant içýän… Boldumy indi, gürrüňi gutaryp bilerismi?”
“Ýok, meniň başga pikirim bar: Sizi gözegçilige alyp, söhbetdeşlik geçirilýän adamlaryň sanawyna goşmaly. Gaýgy etmäň, özüm wagt-wagt gelip, siziň bilen söhbetdeş bolup, sözüňizde durşuňyzy, pikiriňizde bolýan pozitiw özgermeleri barlap duraryn. Bu inçe iş, adam ýalňyş pikir etse, ýalňyş hereket hem edip biler, ýagny biziň hereketlerimiz edýän pikirimizden, arzuwlarymyzdan, görýän düýşlerimizden gelip çykýar…”
“Inim, näme alsaň al-da, meni şol sanawa goşmasana, aýalym bilse, etimi iýer” diýip, men türkmen häkimiýetleri bilen gürleşmegiň iň netijeli usulyna geçdim.
“Ine, munyň başga gep…” Ol ýylgyryp, jaýyň içine aýlanmaga başlady. “Kitabyň kän eken, köpüsem orça. Emma “Ruhnama” ýok, “Döwlet guşy” ýok… Bu gowy däl… Güýje girmedik kanun hakynda öňünden negatiw düýş görmegiň hem sebäbi şunda!” Soň ol äpişgäniň öňüne baryp, aşakdaky maşynlara göz aýlady. “Bu maşynlaryň haýsysy seňki?”
Men onuň ýanyna baryp, köneje sary “Žigulä” elimi uzatdym. Ol ajy ýylgyrdy. “Seret, gapdalynda duran “BMW” maşyna, men şonuň eýesiniň hem öýüne baryp gördüm, ors mekdebini gutaran oglan, emma öýünde “Ruhnama” bar, prezidentleriň portretleri bar. Diýmek, ol saňa görä praktiki pikirlenýär. Sen bolsa, kitaplaryňdan görnüşine görä, idealistik pikirli adam, ýagny ýerli däplere düşünmeýärsiň…”
“Ýok, menem ýerli däplere düşünýän, oňşarys, meni şo sanawa goşma, näme diýseň, şol bolar.”
“Aý, agam, diýeniň bilen bolýan zat däl ol, öýüňe seret, towuga ýükläýmeli goşuň bär. Men saňa gözümi ýumup, işimi ýitireýinmi? Başlyklaram bar, olara-da emläp durmaly…” Ol baryp, ýatyş otagymdaky şifoneri açdy: “Ehe, täzeje penjek-balak, köýnejikler, köwüş…”
“Çagalar doglan günüme sowgat etdiler, entek bir gezegem geýemok…”
“Geýmäniň gowy-da…” Ol täze penjek-balagy, köýnekleri, täze köwşümi aldy-da, aşakda duran paketiň içine saldy. “Ýene näme bar?”
Men töweregime göz aýladym. “Halylaryň gaty könelipdir…” Ol iş stolumyň üstünde duran goşar sagady görüp, süýji ýylgyrdy: “Sagadam doglan günüňe berdilermi? Täzeje ýaly-la?”
“Ýok, bäş-alty ýyl bolandyr, Stambula gidemde alypdym…”
Ol sagadam jübüsine atdy: “Bolýa onda, praktiki pikirlen, agam, başyňa bela gelmejek ýerini bil, biz saňa ýamanlyk islämizok.” Ol gapynyň agzyna baryp, meniň bilen elleşip hoşlaşdy. Şol wagtam iç işikde duran paketi görüp, “Bu näme?” diýip sorady.
“Käşir-laý” diýip, gysgançja seslendim. Emma bu kömek etmedi, ol käşirli paketem aldy: “Aýalym palaw bişirjek, agşam käşir getir diýipdi, gowy bolaýdy, he-he…”
Men içimden: “Wah, Alymerdana $300 beren bolsam, arzanrak düşerdi” diýdim.
Wäşi Köşüli, Aşgabat.