(23 марта 2015) Sizi ýurdumyzda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, halkymyzyň belent ruhuny, bitewüligini, gözel tebigatymyzyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan, parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi we ynsanperwerligi dabaralandyrýan bu run ma baýram her bir öýe rysgal-döwlet, şatlyk, täze umytlary paýlasyn!
Tämizligi we gözelligi bagyş edýän halkara bahar baýramynyň döredijilik hyjuwy, joşgunly dabarasy pähim-parasada ýugrulan ýörelgelerimiziň, toý-baýramlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar. Ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň, bagtyýar halkymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini has-da belende göterýär. Al-elwan gülälekler bilen beslenen sahawatly türkmen topragynyň dag-düzleri, uç-gyraksyz sähralary Milli behar baýramynyň owadanlygyny we gözelligini has-da artdyrýar.
Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy adamzadyň umumy baýlygy, külli ynsanyýetiň medeni mirasydyr. Nowruz ençeme halklaryň, şol sanda umumyadamzat medeniýetiniň dürdäne gymmatlyklaryny döreden türkmen halkynyň hem ajaýyp däp-dessurlarynyň, özboluşly we gymmatly ýörelgeleriniň beýik baýramydyr. Gözelligiň hem-de joşgunly durmuşyň bu nurana baýramy biziň döwrümizde YUNESKQ-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we in uly baýramlaryň biri hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Karamamasy esasynda halkara baýramy hökmünde ykrar edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan kalbynyň tämizligini, döredijilik joşgunyny aňladýan Nowruz baýramyny bagtyýar we açyk göwünli halkymyz medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ynsanperwerligiň we ýokary ahlaklylygyň sazlaşygyny özünde jemleýän Milli bahar baýramy hökmünde goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde, dürli naz-nygmatly, bereketli türkmen saçagy, milli oýunlary we aýdym-sazlary bilen dabaraly garşy alýar.
Häzirki döwürde halkymyzyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alan Milli bahar baýramy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak ýaly däplerimizi has-da dabaralandyrýar. Dürdäne hälk döredijiligimizde, rowaýatlarymyzda, aýdym-sazlarymyzda, amaly-haşam sungatymyzda nowruz pelsepesiniň öz hakyky beýanyny tapmagy halkymyzyň Nowruz baýramynyň mazmunyny asyrlaryň dowamynda baýlaşdyryp gelýändigine hem-de ajaýyp we özüne çekiji däp-dessurlarymyzy mynasyp do warn etdirýändigine şaýatlyk edýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije bilen gündiziň deňleşmegini we ekerançylyk işleriniň başlanmagyny alamatlandyrýan bu gadymy bahar baýramy Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda bütin adamzadyň bähbitlerine we aýdyň maksatlaryna hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen asudalyk, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrýandygy üçin has-da ähmiýetlidir.
Eziz watandaşlar!
Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz baýramynyň medeni gatnaşyklary ösdürmekde tutýan orny örän uludyr. Biz XXI asytda hem bay medeniýetimiz, milli ýörelgelerimiz bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýolumyzda dünýäniň dürli halklary bilen medeni gatnaşyklaryň kämilleşmegine hyzmat eden Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlaryny döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrýarys.
Milli bahar baýramynyň giňden bellenýän günlerinde, esasan hem, oba hojalygynda örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Nowruz dine bir daýhanlarymyzy we maldarlarymyžy däl, eýsem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda tutanýerli we döredijilikli zähmet çekýän watandaşlarymyzy belent sepgitlere, ýokary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu baýram nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp şu günümize buýsanjy artdyrmakda, geljegimize beýik ynamy döretmekde uly ähmiýete eýedir.
Mähriban halkym! Gadyrly watandaşlar!
Sizi tebigatyň täzelenmegini, döredijilikli başlangyjy, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş arzuw edyärin!
Goý, baharyň joş urýan döwründe bellenýän bu baýram milletimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam bersin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow