(13 ноября 2015) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumy geçirildi, ony ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady.
Nobatdaky işewürlik duşuşygyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiller, halkara we sebit maliýe guramalarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen tarapyndan maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş ylmy institutlaryň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumyň barşynda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýyny, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň eksport kuwwatyny aýdyň görkezýän wideorolik, ýurdumyzda işewürligi ýöretmek üçin ägirt uly mümkinçilikler barada degerli maglumat almaga ýardam berdi.
Foruma gatnaşanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Yslam ösüş bankynyň, “Fransiýa – Türkmenistan” Söwda edarasynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri, Türk-türkmen işewürler geňeşiniň, Türkiýe Respublikasynyň Edaralar we biržalar birleşiginiň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar. Olar öz çykyşlarynda dünýäniň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň Türkmenistana örän amatly maýa goýum mümkinçilikleri döreden ýurt hökmünde baha berilýändigini nygtadylar.
Maslahata gatnaşyjylar bu iri çäräniň ähmiýeti barada aýdyp, duşuşygyň çäklerinde geçirilen gepleşikler öz maýa goýum taslamalaryny beýan etmek, göni gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň geljekki daşary ýurt maýadarlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Koreýa Respublikasynyň Halkara söwda assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Источник: TDH agentligi