(20 Iýul 2016) Her ýylyň iýul aýynda üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramynyň öňýanynda Oba hojalyk toplumynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahat geçirildi. Maslahat Oba we suw hojalyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirildi.
Maslahata oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, pudagyň esasy hünärmenleri, seçgiçi alymlar, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryň işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda belli ekerançylar, zähmet weteranlary, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen öňdebaryjy hojalyklaryň gallaçylary bar.
Çörege bolçulygyň hem-de berekediň nyşany hökmünde sarpa goýmagyň gadymy milli däplerine daýanýan bu ýörelgeler ekin meýdanlarynyň zähmetkeşleriniň sarpasyna esaslandyrylan Galla baýramynda öz beýanyny tapýar we galla oragynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýar, şunda gallaçylaryň ýadawsyz zähmetine bol hasyl bilen jogap berýän ene topraga belent sarpa goýulýar.
Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň ekerançylyk däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirýän daýhanlaryň zähmetsöýerligine we zehinine belent sarpanyň alamaty bolan bu şanly sene halkymyzyň baýramydyr. Türkmenler iň gadymy ekerançylyk merkezleriniň birini esaslandyryjylar hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda toprakdan bol hasyl almak bilen, munuň üçin näçe zähmet siňdirmelidigini öz tejribesinden bilýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler netijesinde gallaçylyk pudagy oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde azyk bolçulygynyň binýady hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Ýylyň-ýylyna öndürilýän möçberleri barha artdyrylýan guşgursak bugdaý hasyly Watanymyzyň harmanlaryny dolduryp, saçaklarymyzyň bolçulygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, halkymyzyň bolelin häzirki durmuşyny üpjün edýär.
Tutuş ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda, 2016-njy ýylda gallaçylarymyzyň döwletiň öňde goýýan möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyzyň harmanlaryna ak bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowrak möçberi tabşyryldy.
Munuň özi ekerançylaryň halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesine hem-de bilime daýanyp, Watanymyzyň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde belli gallaçylaryň müňlerçesi kemala geldi, olar netijeli zähmeti bilen ýokary hünär ussatlygyny görkezip, ekerançy ata-babalarymyzyň ýörelgelerine ygrarly saçaklarymyzyň bolçulygynyň kepili bolan ene topraga göwnejaý ideg edýärler. Olaryň iň gowulary ýurdumyzyň jemgyýetçiligi tarapyndan yglan edilen watançylyk bäsleşikleriniň ýeňijileri boldular.
Şu günler Galla baýramy mynasybetli maksatnamanyň çäklerinde welaýatlarda we etraplarda, şäherlerde we obalarda dabaraly duşuşyklar hem-de galla oragynyň gahrymanlaryny sarpalamak çäreleri, bäsleşikler, konsertler, sport we atly bäsleşikler geçirildi, muzeýlerde ugurdaş çeper sergiler hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bereketli desterhanlar ýazyldy, ene topragyň jomartlygyny aýan edýän ýarmarkalar geçirildi.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda ekerançylarymyzyň ruhubelent döredijilikli zähmetini wasp edýän türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi guraldy. Paýtagtymyzdaky “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde iň gowy gallaçylaryň hem-de beýleki oba hojalyk işgärleriniň baýramçylyk duşuşyklary geçirildi.
Däp boýunça bu baýram mynasybetli Oba hojalyk toplumynda geçirilýän ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň gallaçylyk we gallany gaýtadan işleýän pudaklarynyň ýeten sepgitleri hakynda özboluşly hasabat bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly ykdysady syýasatda oba hojalyk pudagynyň ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi, bu syýasat halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi döwlet Baştutanymyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan saýlanyp alnan ugruň öňdengörüjilikli hem-de netijeli häsiýete eýedigini Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanylanlar üçin ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy hem tassyklaýar.
Munuň özi Watanymyzyň ägirt uly gazananlarynyň hem-de kuwwatynyň, şol sanda ykdysadyýetiň azyk pudagynda hem dünýä derejesinde nobatdaky ykrarnamasy boldy. Şu ýylky galla oragynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň däneçilik pudagyny hem-de obasenagat toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde mümkin boldy, şunda pudagyň düzümleriniň gaýtadan enjamlaşdyrmagyna we döwrebaplaşdyrmagyna, öňdebaryjy ylmy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, ekerançylaryň ýokary hilli tohum hem-de zerur mineral dökünler bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan häzirki zaman däne saklanylýan desgalar we bugdaýy gaýtadan işleýän kärhanalar strategiki häsiýete eýe bolan bu oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmäge, gaýtadan işlemäge we saklamaga aýratyn ähmiýet berilýändigi görkezýär.
Umumy maslahat tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 2016-njy ýylda uly üstünlikleri gazanan öňdebaryjy gallaçylara, ussat kombaýnçylara hem-de oba hojalygynda tapawutlanan beýleki işgärlere gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Soňra pudaklaýyn maslahatyň işi Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bölümler boýunça dowam etdi. Bölümlerde geçirilen mejlisleriň gün tertibine ýurdumyzyň däneçilik pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagynyň, ylmy-barlag işleriniň, tohumçylygyň we seçgiçlik işiniň, dänäni senagat taýdan gaýtadan işlemegiň iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň möhüm meseleleri girizildi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalyk pudagyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi hem-de aladasy, netijeli işlemek üçin döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.