(24 декабря 2015) ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky komitetiniň Namibiýada geçýän mejlisinde Türkmenistanyň haýyşy boýunça “Görogly” dessany hem adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň metbugat-relizinde aýdylmagyna görä, “Görogly” eposy rowaýaty gahryman Göroglynyň we onuň kyrk ýigidiniň gahrymançylyklaryny beýan edýän dilden aýdylan hekaýalar dessury bolup durýar. Bu dessur Türkmenistand dessançy bagşylaryň tagallasy bilen şu günlere gelip ýetipdir.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna şu günki gün jemi 314 obýekt girýär.