(9 декабря 2015) Mollanepes türkmen edebiýatynda söýgi temasynda döreden şygyrlary hem-de “Zöhre-Tahyr” dessany bilen meşhurlyk gazanyp, “yşk mülküniň şasy” adyna eýe bolan şahyrdyr.
Mollanepes 1810-njy ýylda Sarahs töwereginde dünýä inýär. Onuň kakasy Molla Kadyrberdi döwrüniň sowatly adamlaryndan biri bolupdyr.
Mollanepes maşgalada sagdyn terbiýe alyp, oba mekdebini tamamlandan soň, Mary, Buhara medreselerinde okaýar.
Şahyr aýaly Bossantäç bilen bagtly durmuşda ýaşaýar. Olaryň Muhammetrahym hem Resul atly iki ogly bolupdyr.
Şahyr medrese bilimini alandan soň, oglanlara ylym-bilim öwredýär. Ol öz döwrüniň Kemine ýaly söz ussatlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.
Mollanepes halkyň agyr ýagdaýyny gerdeninde çekip, onuň agysyna aglan şahyrdyr. Ol 1861-nji ýylda Eýran şasynyň Mara eden hüjümi wagtynda türkmen ýigitleri bilen bir hatarda watan goragyna çykýar. Şahyr bu söweşde türkmenleriň beýik ýeňşiniň aýdyň şaýady bolýar. Ýöne şol söweşleriň birinde alan ýarasyndan 1862-nji ýylda aradan çykýar.
Mollanepes barada aýdylýan rowaýat-gürrüňler
Mollanepesiň çowlugy Oguljahan ejeden ýazylyp alnan rowaýat-gürrüň:
“Babamyň (Mollanepesiň) alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goşgy ýazmak bilen wagt geçireni hakynda kakam pahyr gürrüň edip bererdi. Olar üç kişi ekenler: biri babam, ikinjisi Aman diýen bir adam, üçünjisi hem molla Kemine bolan bolara çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goşgy düzmek we ýomak atyşmak bilen geçirer ekenler” (A.Kekilow. Mollanepes. TDN, Aşgabat, 1957, 23 s.).
Kemine bilen Mollanepesiň arasyndaky halypa we şägirtlik barada rowaýat-gürrüň:
Maryda şahyrlaryň başy jem bolan ýerde, bir gezek döredijilik hakynda gürrüň dowam edýärkä, şahyrlardan biri:
— Indi näme ýazarkak? — diýip soranynda, Kemine oturan ýerinden:
— Ussadymyz Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gitdi, indi biz onuň hoşasyny çöpläýmesek, başga çärämiz ýok! — diýipdir.
Günleriň birinde Kemineden:
— Ýeri, molla Kemine, Magtymgulynyň hoşasyny çöpläp ýetişip bilýärsiňizmi? — diýip soraýarlar. Kemine bolsa bu soraga:
— Çöpleýärin-ä weli, wekilleriň ýazy tiresinden bir oglanjyk holtullap, aýagy duşakly at ýaly towsaklap, gapdalymdan hiç aýrylmaýar — diýip jogap beripdir. Rowaýatda gürrüňi edilýän oglanjyk Mollanepesdir.
Halk arasynda ýaşaýan bu rowaýatda bolsa, Mollanepesiň Keminäni öz halypasy saýyp, onuň döredijiligine uly hormat goýandygy barada aýdylýar:
Mollanepes Keminäniň “Zülüň” atly goşgusyny okap:
— Molla Kemine zülpi taryplamaga söz goýmandyr — diýipdir.
Döredijiligi
Mollanepes döredijilik işine ýaşlykdan başlap, halk eserleri, türkmen we gündogar halklarynyň edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanşypdyr hem-de şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goşgulary hem-de halkyň uly söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyň aňynda ebedilik orun aldy.
Şahyryň döredijiliginiň esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr.
Söýgi-ahlak.
Mollanepesiň döredijiliginde yşky-ahlak häsiýetdäki şygyrlar esasy orny eýeleýär. Ol bu meselelere bagyşlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny taryplamak bilen birlikde, ýaşaýşyň gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr.
Öwüt-nesihat.
Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki şygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de özüňe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaşamaklygy ündew edýär. Şahyryň bu ugurdan ýazan goşgularynyň içinde “Ner gezgin” hem-de “Aňsa” goşgulary özüniň ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.
“Zöhre-Tahyr” dessany.
Temasy, köp görnüşliligi. Mollanepes sözleriň süýjüsinden saýlap şygyr döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da ýazýar. Mollanepesden öň XVI asyrda ýaşap geçen özbek şahyry Saýýady hem “Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk berilmeýär.
Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde işlän ýeke-täk şahyr Mollanepesdir. Şahyr bu sýužeti täzeden işlemek, öz arzuw-hyýallaryny, oý-pikirlerini dessanyň içinde goşgy görnüşinde bermek bilen, ony millilik häsiýeti bilen-de baýlaşdyrypdyr.
Источник: https://wap.ertir.com