(14 апреля 2015) ‘Hormatly Prezident’ 3-nji aprelde alty ýyllyk bilim ministri Gülşat Mämmedowa ‘gidiber’ diýip, ony ‘el çarpylýan’ ýerden kowanda, türkmen halkynyň 23 ýaşan garaşsyz korrupsiýasynyň bir çetini açmaga mümkinçilik döredi.
Eger ‘Hormatly’ muny başaran bolsa, birazajyk hakyky reformatora meňzärdi. Emma ol bu işi başarmady. Munuň sebäbi bar, elbetde. Emma mesele diňe ‘Hormatlyda’ däl, mesele türkmen halkynyň öz-özüni aldamagy, özüni şar ýaly çişirmegi we ösüşden saklamagy ‘amatly’ hasaplamagynda. Ýogsam bolmasa, nakyl-akylyna seretseň, Türkmen aga “Şu günki öýken üçin ertirki guýrukdan galmagy’ samsyklyk hasaplaýar.
Gülşat Mämmedowa ‘el çarpylýan’ ýerden ‘işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin’ kowuldy. Resmi habarda aýdylmasa-da, bu kemçilikleriň bir çeti daşary ýurtda bilim alan türkmen ýaşlarynyň diplomlaryny ykrar etdirmek, işe ýerleşmek kynçylyklary, aýratyn-da olaryň uly möçberde para bermäge mejbur edilmegi bilen bagly bolup biler. Emma ýurduň bilim sistemasynda, çagalar bagyndan başlap, iň ýokary alymlyk derejelerini almaga çenli para-peşgeşe ýugrulandygy açyk syr bolup durka, bu çaklama beýle ynandyryjy görünmeýär.
Onda näme üçin Gülşada ‘gidiber’, Pürlä bolsa ‘gel’ diýildi? Ol hemmä belli, emma ‘el çarpylýan ýerde’ agzalmaýan para keseli üçin ýeke-täk günäkärmi ýa onuň ýerine bellenen oňki rektor, çüýrüklik zynjyrynyň bir halkasy bolup işlän Pürli Agamyradow bilimi paradan arassalajak diýýärmi? Ýa-da Gülşada edil häzir ‘gidiber’ diýilmeginiň sebäbi näme?
Bu soraglara resmi habarlar ýa mantyk (logika) esasynda jogap bermek kyn, sebäbi ýurtda resmi habarlar umumy we boş sözlerden ybarat, mantyk bolsa inkär edilýär.
Emma bu ýerde başga bir çaklama etmek mümkin. Türkmenistan, ýyl başyndan bäri bolan üýtgeşmelere, ýagny milli manadyň hümmetiniň düýpli aşakladylmagyna, harytlaryň we hyzmatlaryň bir böleginiň bahasynyň düýply gymmatladylmagyna seretseň, şeýle-de ‘Hormatlynyň’ soňky giňişleýin mejlisinde daşary ýurtlara eksport edilýän harytlary köpeltmek, telekeçileri we ýerli önüm öndürijileri goldamak, döwlet sektoryndaky sowrujylyklary azaltmak barada aýdan ‘dürdäne pikirlerinden’ çen tutulsa, ‘Arka’ öz guran orta asyr ‘şalygynyň’ binýadynyň sarsmagyndan ýa-da ‘türkmen baharynyň’ geläýmek ähtimallygyndan azajygam bolsa, alada galýar.
Emma onuň daşary ýurtly ‘biznesmenler’ bilen gurýan milliardlyk gurluşyklary, şol sanda ‘Ak mermerli Aşgabat’, ‘Awaza’, ‘Altyn asyr Türkmen köli’ ogurlyklary, jaýy ýykylýan, türmä basylýan, daşary ýurtlara sergezdanlyga çykýan raýatlaryň barha köpelýän möçberi onda beýle sagdyn pikir-düşünje ukybynyň bardygyna şübhe döredýär.
Umuman alnanda, türkmen halky soňky ýigrimi ýylda daşary ýurtlara iberýän önümlerini, gazy hasaba almasaň, juda azaltdy. Sowet döwründe, Moskwa bilen aralykda gurlan demirýol liniýasy arkaly, türkmenler daşaryk has köp önüm satýardylar. Bu, elbetde, türkmen önümleriniň ýerine gerekli, deň bahaly harytlaryň getirilmegine hem şert döredýärdi. Soňky ýyllarda, ilatyň yzygiderli garyplaşmagy bilen, ‘Hormatlynyň’ hem tassyklaýşy ýaly, daşardan pes hilli ömümleriň getirilmegi artdy. Şol bir wagtda türkmen topragynda bitýän gök önümler hem daşardan getirilýär. Muňa derek gaz köp satylýar. Emma gaz girdejisi ‘Hormatlynyň’ elinde we ulanylmaýan, önüm bermeýän gurluşyk proýektleri arkaly öli kapitala öwrülýär. Bu, elbetde, şol pullaryň bir bölegini ogurlamak, bikanun pullary kanunlaşdyrmak üçin tapylan ‘paýhasly’ usul.
Emma bu ‘paýhasly usula’ ilatyň barha köp gedaýlaşmagy howp salyp biler. Sowet döwründe pagtaçylyga, maldarçylyga, gök-bakja önümlerini öndürmäge çäkli, kolhoz-sowhoz şertlerinde hem bolsa giň mümkinçiligi bolan, hakykatda işsiz, gazançsyz galmadyk, planly jaý salmaga, galyň berip, ogul öýermäge, uly toý tutmaga ýagdaýy bolan halk köpçüligi indi, ‘Hormatlynyň’ saýlan elitasynyň aşa baýamagy netijesinde, barha kän çykgynsyzlyga salynýar.
Teoretiki pikirlere görä, orta gatlagyň daýandyrylmagy, ýagny ortaça gurply adamlaryň garyp-gasarlardan we çalt hem esassyz baýan ‘baýlardan’ has kän bolmagy jemgyýetiň durnuklylygyny berkidýär. Emma jemgyýetde garyp köp bolsa, baýlar bilen garyplaryň aratapawudy ulalsa, rewolýusiýa, gozgalaň howpy köpelýär.
Elbetde, Türkmenistan polis döwleti, halk tire-taýpalara we arasy uzak welaýatlara bölünen, ýurtda senagat ýa işçiler synpy hakyky manysynda indi döremeli. Bu ýagdaý ‘Hormatla’ näçe diýseň uzak saklanmaga mümkinçilik berip biler. Emma Orsýet ýaly bir ýurt, ýa-da goňşy Özbegistanda häkimiýetiň yslamçylaryň eline geçmegi, ýa-da bolmasa, Aşgabatda girdeji çeşmelerini ele almagy ýüregine düwen islendik ýeser syýsatçy, islese, Türkmenistanyň içindäki halk garyplygyndan ‘ussatlarça peýdalanyp’ biler.
Onsoň bu ýerde, ‘Hormatly’ islese-islemese, ‘halk heňini’ çalan bolmaly bolar, ýagny raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş derejesini peseltmezlik üçin tagalla edýän adam bolup görünmek islär. Emma ol ‘halk hossary’ roluny oýnamakda halypasy Nyýazow bilen deňeşdirilende gowşak, eline kagyz alman kadaly iki söz hem aýdyp bilmeýär; Gülşat ýaly il gözünden düşen ministrlere ‘gidiber’ diýende hem, ýeterlik ‘oçko’ gazanmagy başarmaýar. Bu bir tarapdan onuň syýasata tötänden, açyk meýdandan däl-de, arka gapydan gelmegi bilen bagly, ikinji tarapdan bolsa, häkimiýet korrupsiýasynyň başynda onuň özi, aýal doganlary, ýegenleri dur we bu indi obadaky sygyr çopana-da düşnükli.
Şol bir wagtda Türkmenistanda režimi saklan zadyň türme bilen taýakdygy hem düşnükli. Eger gorkmasalar, türkmenler ozalky prezidenti hem, häzirkini hem sylap goýjak däller. Ikiçäk gürleşseň, islendik adam, hatda ýokary wezipelerde oturanlar, milli howpsuzlyk, sud, gümrük, migrasiýa, prokuratura ýaly ‘düşewüntli’ ýerleriň eýeleri hem nägile. Sebäbi olar ‘altyn asyr’ we ‘bagtyýarlyk’ döwrüniň türmä basylmak betbagtlygyna düşünmez ýaly samsyk däl.
Onda näme ‘Hormatly’ we adamlar bu çüýrük girdapdan çykmak islänoklar, näme üçin ýuwaş-ýuwaş bazar şertlerine geçilenok, çäç harpykdan saýlananok, Baş kanunda wada berlen azatlyklara, hukuklara, açyk saýlawlara we demokratiýa, metbugat azatlygyna, sudlaryň garaşsyzlygyna tarap gidilenok?
Dogry, bizde dilde hemme zat gowy, uruş-gowga ýok we ýurt ‘bedew bady bilen’ öňe barýar. Emma inçekesel bizi regionyň iň garyp ýurdy bolan Gyrgyzystanda ýaşaýan adamlardan hem iki esse kän öldürýär.
Gyrgyzystanda prezident korrupsiýa garşy göreş yglan edip, ikinji möhlete galmajagyny öňünden aýdyp bilýär, sebäbi ol öz arassalygyna, ertir ogurlyk üçin türmä basylmajagyna ynanýar. Bizde adamlarda, hatda kiçiräk wezipede hem, beýle ynam ýok, wezipe olara para almaga we şol para bilen ýene türmeden azat bolmaga ‘şert’ döredýär. Bu ‘şert’ üçin diliň hemişe dişden aňyrda bolmaly. Eger ýurtda giň ýaýran korrupsiýa barada, ýokardan aşaga çenli, açyk dil ýarýanlaryň tapylmaýşyna seretseň, bu barada diňe prezidentiň bir taraply, çäkli gürrüň edýändiginden çen tutsaň, ýagdaý düşnükli. Sebäbi özüň ogry bolup, başgalara barmak çommaldyp bolmaýar.
Bir mysal, näme üçin bizde telekeçilik ösmedi? Bu türkmenleriň telekeçilige ukypsyzlygy bilen düşündirilip bilnermi? Ýok. Bu soňy gelmeýän döwlet çäklendirmeleri, döwletiň husysyýetçiligi bokurdagyndan gysmagy, galyberse, her garamaýak telekeçiniň başynda azyndan on sany talaňçy mugthoruň oturanlygy bilen düşündirilip bilner. Döwletiň başynda bolsa, ýene bir gezek gaýtalalyň, ‘Hormatly’, belki-de, ömürlik dur.
Indi Gülşada gelsek, ol bilim sistemasyndaky çüýrüklige garşy durup, satylýan diploma derek sagdyn bilim almak medeniýetini getirip ýa bu barada pikir edip bilermidi?
Birinjiden, ‘Hormatly’ durka, beýle pikir etjek adam bu wezipä getirilmez. Ýogsa, bilimli çagalary seçmek, olary ýokary okuwa parasyz, diňe bilim esasynda kabul etmek we soň gowy okan oglan-gyzlary halk hojalygynyň ýolbaşçy wezipelerine getirmek üçin 23 ýyl ýeterlik mümkinçilik berýär. Hakykatda, şu 23 ýylda bilimdäki para sowet döwründäkiden onlarça esse köpeldi, bilimsiz adamlaryň diplom almagy, soň wezipä bellenmegi, soň ‘düýpli kemçilikler’ üçin käýinç ýa ‘gidiber’ almagy indi bolmaly zada ýa türkmen reallygyna öwrüldi.
Eger Türkmenistan hökümeti, ilatynyň baş sanyna görä, soňky iki onýyllykda türmä basanlary, geçiren çäreleri sanalsa, dünýäde BIRINJI bolardy. Emma bu ýerde iň aýylganç birinjilik Türkmenistanyň ýokary we jogapkärçilikli wezipä bellän we aýran kompotentsiz adamlarynyň sanynda bolsa gerek. Ikinji aýylganç birinjilik bolsa, şol kompotentsiz emeldarlaryň ösüşe, progrese ýetiren zyýanlarynda bolsa gerek.
Emma ýurda we halka ýetirilen we ýene ýetiriljek bu zyýana, türkmen halkynyň ösüşden saklanmagyna diňe S.Nyýzow ýa G.Berdimuhamedow, ýa-da Gülşatlar günäkär däl, olary bolmaly zat ýaly kabul edýän halk, para bermek we almak marafonuna doly diýen ýaly goşulan jemgyýet günäkär. Has dogrusy, bizde prezidentleriň ‘korrupsiýa’ keseli halkdan, jemgyýetden gaýdýar, bu diňe daşardan eksport edilen wirus däl, ýewropa we türk tejribleri bilen baýlaşdyrylan, ýerli şertlerde ösdürilen agyr dert! Bu dert bizi alan paramyz, ogurlygymyz bilen öwünmek derejesine getirdi, ýogsa ogurlyk bolmanda gizlenen bolmaly. Bu dert bizi daşary ýurtda hem özüne ‘Arkadaga şöhrat’ diýip gygyrdýan prezidentimiziň bisowatlygy bilen dünýä gülki etdi!
Eger halk, ene-atalar ylalaşmasa, her kim mümkin bolan ýerinde uly ýa kiçi para berip, para almasa, ýalançylyga, bikanunçylyga göz ýummasa, türkmen diktaturasy, onuň getiren sowatsyzlygy we yzagalaklygy beýle durnukly we dowamly häsiýete eýe bolup bilmezdi.
Adamlar samsyklyga salmasyny goýsa, çagalar baglarynda, mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda işleýän çinowniklere para bermekden ýüz öwrüp, ýagny şu günki öýkenden el çekip, ertirki guýruga, hakyky bilime, arassa we dürs ýaşamaga tarap bir ädim ätseler, ýurtda azyndan 50 ýyl bäri dowam edýän we barha ösýän bilim parahorlygy Türkmenistany häzirki gorpuň gyrasyna getirmezdi (Indi mugallymlar bilgije, palça, molla ýa tebibe gidip, dertlerine em gözlese, ministrler orta asyr yrymlaryna ynansa, hiç kim geň görenok.).
Soňky 23 ýylda türkmen halkyna režim tarapyndan edilen iň uly ýamanlyk – bilim we saglyk sistemasynyň weýran edilmegi boldy, elbetde, ykdysadyýetdäki opurylyşlar hem muňa urna. Emma bu ýagdaýa umumy halk, intelligentsiýa günäkär. Eger islese, türkmen halky bu ýagdaýy islän wagty düzedip biler, emma islemese, ýagny ýurtda giň ýaýran korrupsiýa goşant goşup, umumy bisowatlyga we häkimiýet eden-etdiligine tabyn bolsa, bu agyr ýagdaýy başgalaryň düzederine garaşsa, ýene ‘Hormatlynyň’ nobatdaky mejlisine, ‘Ýaşulular masgaraçylygyna’ tomaşa eder, ýene Gülşat bilen Pürliniň ýeri çalşylar. Emma mundan üýtgän zat bolmaz.
http://www.chrono-tm.org/tm/