(20 марта 2015) Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Gurbangül Ataýewa mekdep okuwçylaryny saçyny alaja bilen ördürmek baradaky buýrugyny ýatyrdy.
Ýerli ynanja görä, bu gyzlara göz degmeginiň öňüni alýarmyş. Indi okuwçy gyzlara saçlaryny gara rezin halkajyklar bilen berkitmek maslahat berilýär.
Biziň bu çinownik aýalyň “edermenlikleri” hakynda çap eden we Daşoguzda galmagal döreden makalamyzda alajanyň, türkmen däpleriniň bir bölegi bolmak bilen bir hatarda, yslamyň kadalaryna ters gelýändigi aýdylýardy.
Şu ýerde biziň birnäçe gezek gozgan ýene bir temamyzy, “ahlak”, “ahlaklylyk” we “däp-dessurlar” diýilýänlere ýurduň ýolbaşçylarynyň nähili düşünýändigi baradaky meseläni ýatlamak hem ýerliksiz bolmasa gerek. Bu terminler ýurduň kanunlaryna we kararlaryna hem girizilen, emma olaryň ýuridiki düşündirişi welin ýok. Aslyýetinde olaryň şeýle düşündirişi bolup bilermi?
Getirilen mysal “ahlak ölçeglerine”, “jemgyýetçilik ahlagyna”, “jemgyýetçilik däplerine” adamlaryň dürli-dürli düşünip bilýändigini görkezýär. Onsoň Ataýewanyň öz inisiatiwasy boýunça ýa-da Aşgabatdan görkezme alyp, tankyda reaksiýa bildirmegi we öz kararyny ýatyrmagy gowy zat.
Biziň makalalarymyzyň döwlet eýeçilgindäki köpçülikleýin habar serişdelerini we döwlet websaýtlaryny ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan “unudylan” döredijilik intelligentisýasyny ýatlamaga itermegi, tanymal medeniýet, sungat, ylym, edebiýat wekilleri barada şu wagta çenli çap edilmedik makalalaryň çap edilip başlanmagy hem gowy zat.
Hökümetiň ahyrynda bir tanymal adamyň ölüm habaryny çap etmäge ýürek etmegi, batyrlyk tapmagy hem gowy zat. Şondan öň tanymal adamlaryň ölüm habary ýa-da olara bildirilýän gynanç, her näçe gynansak-da, diňe biziň saýtymyzda çap edilýärdi. Umyt edýäris, belki indi ýönekeý adamlara hem, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, gynançlaryny çap etmäge rugsat bererler.
Belki-de häkimiýetleriň bu hereketleri däpleri we ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir. Eger şeýle bolsa, muny diňe gutlamak gerek.
Ýöne şol bir wagtda kejeňek çinownikleriň kada-kanuna sygmaýan gödeňsi inisiatiwalarynyň hem soňy gelmeýär.
Ýokarlarda kimdir biri, görnüşinden, beýle bir sowatly däl (ol ýerde sowatly adam beri galdymyka?) we geçen zamanlarda türkmen ýaşululary murt goýbermän, diňe sakgal goýberipdirler diýen karara geldi.
Indi hemme dabaralarda ak sakgally we murtsuz ýaşulular otyr. Ýogsa olary zala goýbermeýärler. Emma günbatar türkmen serdarlarynyň saklanyp galan suratlaryna seretseň, Dykma serdaryň we onuň ýanyndakylaryň suratlaryny görseň, olaryň murtlary bar. Demirgazyk türkmenlere serdarlyk eden Jüneýit hanyň hem murty bolupdyr. Hatda Magtymguly (günorta türkmenlerden) hem ähli suratlarynda murtly şekillendirilen. Emma indi ähli türkmen murtsuz bolmaly diýen karara gelindi.
Ýurduň ýolbaşçylygy musulman dinini goldaýar. Hususan-da metjitleriň iki bank hasaby bar, olaryň biri ilatdan gelýän pullar üçin, beýlekisi döwletden gelýän pullar üçin. Mundanam başga, metjitleriň ymamlarynyň ählisiniň diýen ýaly döwlet serişdesiniň hasabyna alnan we saklanýan awtoulagy bar. Belki bu şeýle-de bolmalydyr, muny biljek däl. Emma bir zady – munuň Esasy kanuna ters gelýändigini, Türkmenistanyň dünýewi döwletdigini welin aýdyp biljek.
Ýöne şol bir wagtda, şol ýolbaşçylaryň karary bilen metjitler hem ýykylýar. 8-nji mart raýonynda halk hasabyna gurlan metjit ýykyldy, ýogsa onuň bina edilenine beýle kän wagtam bolmandy. “Gažadaky” Uly nohur metjidini hem ýykdylar. Häzir paýtagt häkimiýetleri Eýranyň metjidini ýykmak kararyna geldiler…
Bular näderejede ýerlikli, ýurt ýolbaşçylarynyň ahlak baradaky düşünjesine näderejede gabat gelýär, bulary men kesgitlejek bolup durmaýyn.
Betbagtçylyk häzir “däpleriň”, “ahlagyň” we “ahlaklylygyň” örän ilgezik we juda sowatsyz naçalnikler tarapyndan toslanyp tapylmagynda, olar diňe özlerini görkezmek we baş başlyga edenli, wepaly bolup görünmek isleýärler. Onsoň Gurbangül Ataýewa ýaly öz golasty işgärlerine il içinde ejesini-bajysyny goýman sögýän we şol bir wagtda-da ahlak we ahlaklylyk öwredýän ýolbaşçylaryň “okan namazy ürküzen gurbagasyna degmeýär”.
Eger türkmen häkimiýetleriniň ýigrimi ýyl gowrak wagt bäri alyp barýan ahlaklylyk göreşleriniň netijelerine göz aýlasaň, beýle bir şatlykly kartina görünmeýär. Jemgyýetçilik, esasanam ýaşlar kriminallaşan, türmeler jenaýatçydan hyryn-dykyn. Her mekdepde göwreli okuwçylar bar. Türkiýedäki jelepleriň düýpli bir bölegini biziň ýurdumyzdan baran aýallar düzýär. Biziň daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentlerimiz gözden düşen, mysal üçin Belarusda olar üçin aýratyn bir künjek taýýarlaýar…
Meniň pikirimçe, “milli däpler” – ähli aýal-gyzlary, milletine garaman, türkmen eşigini geýmäge mejbur etmek we gojalary murtlaryny syrmaga mejbur etmek däl…
Eger-de hökümet hakykatdanam bu problemalary çözmekçi bolsa, onda ahlak we ahlaklylyk kategoriýalaryny aýratyn alnan çinownikler kesgitlemeli däl-de, abraýly medeniýet işgärleri (Bellik: Şagulyýewa we onuň şehdeş kärdeşleri muňa girmeýär) we il içinde sylanýan dindarlar tarapyndan kesgitlemeli.
Ýöne islendik ýagdaýda bu terminleri ýuridiki sfera girizmek we olary kanunçylykda hem hukuk çäreleri praktikasynda ulanmak, meniň pikirimçe, bolgusyzlyk. Adam hukuklary nukdaý nazaryndan – bu kabul ederlik zat däl.
http://www.chrono-tm.org/tm/