(19 martda 2015) türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan we soňky ýyllarda işjeň ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belledi. Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary çalt depginler bilen ösýär, nebit-gaz, ulag-aragatnaşyk, suw hojalyk, elekroenergetika we käbir beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklaryň ýokary derejesini aýratyn nygtap, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda ýakynda geçirilen Medeniýet günlerini, şeýle hem ylym we bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda geçirilýän bilelikdäki uly işleri mysal getirdi.
Goňşy döwletiň Baştutany Hasan Ruhani mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda, türkmen topragynda saparda bolmak mümkinçiligine şatdygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň nygtaýşy ýaly, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-eýran gatnaşyklary bu gün täze mazmuna eýe boldy. Munuň özi iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygyň artýan mümkinçilikleri we özara bähbitleriň esasynda üstünlikli ösýän hyzmatdaşlyk bilen şertlendirilendir.
Prezident Hasan Ruhani esasy halkara meseleleriniň birnäçesi boýunça taraplaryň nukdaýnazarynyň gabat gelýändigine ünsi çekip, Eýranyň Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýyny ýola goýmaga we saklamaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi. Belent mertebeli myhman Aşgabat şäherinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini nygtap, taryhy we medeni ýakynlygyň mäkäm binýadynda guralýan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada pikirini beýan etdi hem-de däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra gepleşikler Soltan Sanjar zalynda giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda häzirki duşuşyga iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly itergi berjek möhüm waka hökmünde baha berilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy kökler bar. Häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanyp, ol dostlukly we netijeli häsiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz geçirilen ikiçäk gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtap, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Biziň döwletlerimiz halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça biziň öňe sürýän başlangyçlarymyza eýran tarapy hemişe uly gyzyklanma bildirip, ýakyndan goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, halkara syýasatynyň möhüm meseleleri bilen bagly Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hem Eýran Yslam Respublikasynyň halkara tekliplerine we başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Hazar deňzi bilen bagly meseleleriň üstünde aýratyn durup geçmek bilen, Türkmenistan bilen Eýranyň bu ugurda 20 ýyldan gowrak wagt bäri netijeli hyzmatdaşlyk edip, Hazaryň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi bolmagyny gazanmak ugrunda çykyş edýändiklerini belledi. Döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi hem aýdyň görkezýär. Bu bolsa, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan we Eýran dünýäde energiýa serişdelerini, ilkinji nobatda, nebiti we tebigy gazy köp öndürýän döwletleriň hataryna girýär. Bu bolsa dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygyny berkitmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär. Goňşy ýurtlar ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Muňa mysal hökmünde «Tejen–Sarahs–Maşat» demir ýoluny, «Körpeje–Gurtguýy» we «Sarahs–Hangeran» gaz geçirijilerini, «Dostluk» suw howdanyny görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, döwletleriň we sebitleriň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň, tehniki we tehnologik kuwwatlyklaryň birleşdirilmeginiň ählumumy ulag strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.
Iri halkara taslamalarynyň hatarynda «Demirgazyk–Günorta» ugry boýunça geçen ýylyň ahyrynda işe girizilen «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly nusga alarlyk mysaldyr. Hormatly Prezidentimiz bu demir ýoluň işe girizilmeginiň hoşniýetli goňşuçylyk we barha berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklaryň miwesidigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýoly tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag ulgamyna oňyn täsir edýär. Bu ýol Ýewropa ýurtlaryna Baltika deňzindäki portlardan Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmaga mümkinçilik berýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini mähirli hem-de doganlarça mübärekläp we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.
Eýranyň Prezidenti ykdysady gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, şu günki duşuşygyň netijeleriniň iki halkyň we sebitiň halklarynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl 3,7 milliard dollara deň bolan bolsa, öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda bu sany 60 milliard dollara çenli ýetirmek barada pikirimizi beýan etdik.
Prezident Hasan Ruhani Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlary boýunça giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, gol çekmäge taýýarlanýan resminamalaryň diňe türkmen we eýran halklarynyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary tiz wagtda amala aşyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.
Nebit-gaz pudagyndaky taslamalar möhüm taslamalaryň hatarynda görkezildi. Eýran Lideri biziň ýurtlarymyzyň nebitgaz pudagynda nebitgaz öndüriji uly döwletleriň hataryna girýändigini, bu ugurda hyzmatdaşlygymyzyň geljekde has-da giňeljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň öz nebitini we gazyny Eýranyň üsti bilen beýleki ýurtlara geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň Eýrana iberýän gazynyň mukdaryny has-da artdyrmak barada pikir alşyldy.
Eýran energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda türkmen elektrik energiýasynyň iberilmegine gyzyklanma bildirýär diýip, Prezident Hasan Ruhani sözüni dowam etdi. Eýranyň Prezidenti ulag ulgamyny netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, iki ýurduň arasynda demir ýol arkaly ýük daşalyşyny bir ýylda 10 million tonna ýetirmek, şeýle hem Oman-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ýük ulag geçelgesini işjeňleşdirmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi.
Prezident Hasan Ruhani Hazaryň hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselesi boýunça bilelikdäki işleri türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Ol, hususan-da, deňizdäki nebit-gaz ýataklarynda bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berer.
Eýranyň Baştutany nebithimiýa ulgamynda we beýleki pudaklarda dürli desgalary gurmagyň bilelikdäki taslamalaryny amala aşyrmak barada pikirini beýan etdi. Prezident Hasan Ruhaniniň nygtaýşy ýaly, bank ulgamynda hyzmatdaşlyk, iki ýurduň telekeçilerini söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyga işjeň çekmegiň uly ähmiýeti bardyr. Ol işewürler üçin degişli ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Döwletara gatnaşyklarynda ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklara uly orun berilýär. Arassa howa, arassa toprak, arassa suw, Hazar deňzi biziň esasy şygarymyza öwrülmelidir diýip, Eýranyň Baştutany belledi.
Soňra Seljuk han zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakyndaky Ylalaşyga; Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri bermek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Daşky gurşaw babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-2018-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ykdysady aragatnaşyklar we maliýe ministrliginiň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly maliýe maglumatyny alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda “Sarahs-Sarahs” gözegçilik-geçiriş nokadynda täze awtoulag köprüsini gurmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Awtoulag ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Elektrik energetikasy pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Himiýa senagaty üçin harytlary we önümleri ibermek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Oba hojalyk pudagy üçin harytlary we önümleri ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Demir ýol pudagy üçin harytlary we önümleri ibermek babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Harytlary we önümleri ibermekde Türkmenistanyň hususy pudagynyň kärhanalaryna we kompaniýalaryna ýardam bermek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara bilim we ylmy barlaglar merkeziniň arasynda gadymy golýazmalar, resminamalar we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
http://www.zamantm.com/tm/mainAction.action