(7 декабря 2015) Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözi, sazy esasynda döredilen «Öňe, diňe öňe, jan watanym Türkmenistan» atly aýdym Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Bu aýdym Türk medeniýetiniň halkara guramasy bolan Türksoý tarapyndan 2015-nji ýylda dünýädäki türk medeniýetiniň paýtagty diýlip yglan edilen Mary şäherinde guralan uly Ak öý formasyndaky zalda guralan konsertde ýerine ýetirildi.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň konserte gatnaşan wekili Şeýda Subaşi-Gemiji bu aýdymyň 4 müňden gowrak adamyň ör turup ses goşmagynda ýerine ýetirilmeginiň dünýä rekordy hökmünde hasaba alnandygyny aýdyp, türkmen tarapyna degişli şahadatnamany gowşurdy diýip, RIA Nowostinň habarynda aýdylýar.