(26 марта 2015) Geçen hepde ýurduň metjitleriniň ymamlarynyň köpüsi anna namazyndan soň dindarlara gysgaça nesihat etdi.
Ruhanylar namaz okamaga gelen adamlary “yslam dininiň ýurda aralaşan keseki, ozaldan adat bolan ýörelgelere gabat gelmeýän dessurlarynyň” täsirine düşmezlige, olara garşy göreşmäge çagyrdylar.
Hususan-da Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde ýaşlary hiç kimiň dogry ýoldan azaşdyrmazlygy üçin aýratyn ünsli bolmagyň zerurdygy barada gürrüň edildi.
Bu hili nesihat geçen annada diňe Mary metjidiniň ymamlary tarapyndan edilmedi, belki-de bu inisiatiwa Aşgabatdan çykdy. Munuň Tejende geçirilen derňewden soň işlenip düzülen profilaktiki çäre bolmagy hem mümkin. Golaýda bu ýerde, häkimiýetleriň pikirine görä, yslamyň “adat bolmadyk” ýörelgelerine uýýan adamlar tussag edilipdi.
http://www.chrono-tm.org/tm/