Перейти к содержимому
РОО «Национально-культурная автономия туркмен» Республики Татарстан

РОО «Национально-культурная автономия туркмен» Республики Татарстан

Основное меню
  • Портал
  • Главная
  • Об организации
    • Руководство
    • Структура
    • Документы
    • Контакты
  • Новости
  • Медиа
    • Видео
    • Фото
  • Гостевая
  • Главная
  • Новости
  • Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ha­san Ru­ha­ni­niň

Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ha­san Ru­ha­ni­niň

admin 19.03.2015

(19  mart­da  2015) türk­men paý­tag­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len döw­let sa­pa­ry bi­len ýur­du­my­za ge­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny mä­hir­li mü­bä­rek­läp, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan we soň­ky ýyl­lar­da iş­jeň ös­dü­ril­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­di. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýär, ne­bit­-gaz, ulag-ara­gat­na­şyk, suw ho­ja­lyk, elek­roe­ner­ge­ti­ka we kä­bir beý­le­ki pu­dak­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Mil­li Li­de­ri­miz iki ýur­duň ara­syn­da­ky gu­ma­ni­tar gat­na­şyk­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni aý­ra­tyn nyg­tap, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni, şeý­le hem ylym we bi­lim, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän bi­le­lik­dä­ki uly iş­le­ri my­sal ge­tir­di.

Goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny Ha­san Ru­ha­ni mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan­da, türk­men top­ra­gyn­da sa­par­da bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ne şat­dy­gy­ny aýt­dy. Be­lent mer­te­be­li myh­ma­nyň nyg­taý­şy ýa­ly, göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­men-eý­ran gat­na­şyk­la­ry bu gün tä­ze maz­mu­na eýe bol­dy. Mu­nuň özi iki dost­luk­ly ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ga­dym­dan gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry hem-de hyz­mat­daş­ly­gyň art­ýan müm­kin­çi­lik­le­ri we öza­ra bäh­bit­le­riň esa­syn­da üs­tün­lik­li ös­ýän hyz­mat­daş­lyk bi­len şert­len­di­ri­len­dir.

Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni esa­sy hal­ka­ra me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň nuk­daý­na­za­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, Eý­ra­nyň Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de yna­nyş­mak ýag­da­ýy­ny ýo­la goý­ma­ga we sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­jek iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­tap, ta­ry­hy we me­de­ni ýa­kyn­ly­gyň mä­käm bin­ýa­dyn­da gu­ral­ýan öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da pi­ki­ri­ni be­ýan et­di hem-de dä­be öw­rü­len hyz­mat­daş­ly­gyň iki hal­kyň bäh­bi­di­ne has-da ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Soň­ra gep­le­şik­ler Sol­tan San­jar za­lyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de – iki ýur­duň res­mi we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­na ýur­du­my­za döw­let sa­pa­ry bi­len ge­lip gör­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki du­şu­şy­ga iki ýur­duň ara­syn­da­ky do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge uly iter­gi ber­jek mö­hüm wa­ka hök­mün­de ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­lar­dan alyp gaýd­ýan ta­ry­hy kök­ler bar. Hä­zir­ki dö­wür­de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len ta­pa­wut­la­nyp, ol dost­luk­ly we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ge­çi­ri­len iki­çäk gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li bo­lan­dy­gy­ny nyg­tap, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýa­kyn­dy­gy­ny ýa-da ga­bat gel­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Bi­ziň döw­let­le­ri­miz hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­ziň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­my­za eý­ran ta­ra­py he­mi­şe uly gy­zyk­lan­ma bil­di­rip, ýa­kyn­dan gol­daw ber­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bi­len bag­ly Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­ny he­mi­şe gol­da­ýan­dy­gy üçin eý­ran ta­ra­py­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň hem Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň hal­ka­ra tek­lip­le­ri­ne we baş­lan­gyç­la­ry­na uly hor­mat bi­len ga­ra­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ha­zar deň­zi bi­len bag­ly me­se­le­le­riň üs­tün­de aý­ra­tyn du­rup geç­mek bi­len, Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň bu ugur­da 20 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edip, Ha­za­ryň pa­ra­hat­çy­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk deň­zi bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da çy­kyş ed­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. Döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn ösü­şi­ni iki­ta­rap­la­ýyn söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri hem aý­dyň gör­kez­ýär. Bu bol­sa, söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­tan we Eý­ran dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni, il­kin­ji no­bat­da, ne­bi­ti we te­bi­gy ga­zy köp ön­dür­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýär. Bu bol­sa dün­ýä­de we se­bit­de ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Goň­şy ýurt­lar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da hem ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär­ler. Mu­ňa my­sal hök­mün­de «Te­jen–Sa­rahs–Ma­şat» de­mir ýo­lu­ny, «Kör­pe­je–Gurt­gu­ýy» we «Sa­rahs–Han­ge­ran» gaz ge­çi­ri­ji­le­ri­ni, «Dost­luk» suw how­da­ny­ny gör­kez­mek bo­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ka­ra ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çe­kip, döw­let­le­riň we se­bit­le­riň ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi­niň, teh­ni­ki we teh­no­lo­gi­k kuw­wat­lyk­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi­niň äh­lu­mu­my ulag stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da «De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta» ug­ry bo­ýun­ça ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da işe gi­ri­zi­len «Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran» de­mir ýo­ly nus­ga alar­lyk my­sal­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu de­mir ýo­luň işe gi­ri­zil­me­gi­niň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we bar­ha ber­ke­ýän dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ryň mi­we­si­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, «Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran» de­mir ýo­ly tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gi­niň ulag ul­ga­my­na oňyn tä­sir ed­ýär. Bu ýol Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na Bal­ti­ka deň­zin­dä­ki port­lar­dan Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­gar ýurt­la­ry­na hem-de Hin­di um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky döw­let­le­re çyk­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti türk­men Li­de­ri­ni mä­hir­li hem-de do­gan­lar­ça mü­bä­rek­läp we mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Baş­tu­ta­ny bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bi­len, şu gün­ki du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­niň iki hal­kyň we se­bi­tiň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy ge­çen ýyl 3,7 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan bol­sa, öňü­miz­dä­ki 10 ýy­lyň do­wa­myn­da bu sa­ny 60 mil­liard dol­la­ra çen­li ýe­tir­mek ba­ra­da pi­ki­ri­mi­zi be­ýan et­dik.

Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni Eý­ra­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy onuň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­lap, gol çek­mä­ge taý­ýar­lan­ýan res­mi­na­ma­la­ryň di­ňe türk­men we eý­ran halk­la­ry­nyň däl-de, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne ama­la aşy­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry tiz wagt­da ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.

Ne­bit­-gaz pu­da­gyn­da­ky tas­la­ma­lar mö­hüm tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Eý­ran Li­de­ri bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da ne­bit­gaz ön­dü­ri­ji uly döw­let­le­riň ha­ta­ry­na gir­ýän­di­gi­ni, bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň gel­jek­de has-da gi­ňel­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Türk­me­nis­ta­nyň öz ne­bi­ti­ni we ga­zy­ny Eý­ra­nyň üs­ti bi­len beý­le­ki ýurt­la­ra ge­çir­mek bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­dan baş­ga-da Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ra­na ibe­rýän ga­zy­nyň muk­da­ry­ny has-da art­dyr­mak ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.

Eý­ran ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge, şol san­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­me­gi­ne gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär di­ýip, Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni sö­zü­ni do­wam et­di. Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti ulag ul­ga­my­ny ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­mek bi­len, iki ýur­duň ara­syn­da de­mir ýol ar­ka­ly ýük da­şa­ly­şy­ny bir ýyl­da 10 mil­li­on ton­na ýe­tir­mek, şeý­le hem Oman-Eý­ran-Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan ýük ulag ge­çel­ge­si­ni iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da yla­la­şyk­la­ryň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni Ha­za­ryň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­si bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri türk­men-eý­ran hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de gör­kez­di. Ol, hu­su­san-da, de­ňiz­dä­ki ne­bit­-gaz ýa­tak­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge ýar­dam be­rer.

Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny ne­bit­hi­mi­ýa ul­ga­myn­da we beý­le­ki pu­dak­lar­da dür­li des­ga­la­ry gur­ma­gyň bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da pi­ki­ri­ni be­ýan et­di. Pre­zi­dent Ha­san Ru­ha­ni­niň nyg­taý­şy ýa­ly, bank ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk, iki ýur­duň te­le­ke­çi­le­ri­ni söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­ga iş­jeň çek­me­giň uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Ol işe­wür­ler üçin de­giş­li ýe­ňil­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryn­da eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ra uly orun be­ril­ýär. Aras­sa ho­wa, aras­sa top­rak, aras­sa suw, Ha­zar deň­zi bi­ziň esa­sy şy­ga­ry­my­za öw­rül­me­li­dir di­ýip, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny bel­le­di.

Soň­ra Sel­juk han za­lyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da­ky Je­na­ýat iş­le­ri bo­ýun­ça öza­ra hu­kuk kö­me­gi­ni ber­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga; Azat­lyk­dan mah­rum et­mä­ge iş ke­si­len­le­ri ber­mek ha­kyn­da­ky Tes­wir­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da 2015-2020-nji ýyl­lar üçin Hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Mak­sat­na­ma; Daş­ky gur­şaw ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Te­bi­ga­ty go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­ky gur­şaw de­par­ta­men­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2015-2018-nji ýyl­lar­da me­de­ni­ýet, sun­gat, ylym we bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na; Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar we ma­li­ýe mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da je­na­ýat­çy­lyk­ly ýol bi­len al­nan gir­de­ji­le­riň ka­nun­laş­dy­ryl­ma­gy we ter­ror­çy­ly­gyň ma­li­ýe­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ma­li­ýe mag­lu­ma­ty­ny alyş­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň “Türk­me­naw­to­ýol­la­ry” döw­let kon­ser­ni bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ýol we şä­her gur­lu­şyk mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da “Sa­rahs-Sa­rahs” gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş no­ka­dyn­da tä­ze aw­tou­lag köp­rü­si­ni gur­mak ba­ra­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Aw­tou­lag ýol­la­ry­ny gur­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gyn­da mun­dan beý­läk-de hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Hi­mi­ýa se­na­ga­ty üçin ha­ryt­la­ry we önüm­le­ri iber­mek ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Oba ho­ja­lyk pu­da­gy üçin ha­ryt­la­ry we önüm­le­ri iber­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; De­mir ýol pu­da­gy üçin ha­ryt­la­ry we önüm­le­ri iber­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ha­ryt­la­ry we önüm­le­ri iber­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň hu­su­sy pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry­na we kom­pa­ni­ýa­la­ry­na ýar­dam ber­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra bi­lim we yl­my bar­lag­lar mer­ke­zi­niň ara­syn­da ga­dy­my gol­ýaz­ma­lar, res­mi­na­ma­lar we yl­my bar­lag­lar ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san Şo­ma­li we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san Re­za­wi we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­ýär.

http://www.zamantm.com/tm/mainAction.action

Продолжить чтение

Назад: Ансамбль «Дехистан»
Далее: Ze­nan­la­ry­my­zyň aja­ýyp was­py

 

ПОСОЛЬСТВО ТУРКМЕНИСТАНА В РОССИИ

 

577c3ae2bb0b6155bd4605ce

           

bn-of-rt bn-uslugi bn-ufms bn-anrussia bn-prch
 ДЛЯ СЛАБОВИДЯЩИХ
© РОО «Ассамблея народов Татарстана» Тел.: 8 (843) 237-97-99 E-mail: an-tatarstan@yandex.ru
ГБУ «Дом Дружбы народов Татарстана» Тел.: 8 (843) 237-97-90 E-mail: mk.ddn@tatar.ru
420107, г. Казань, ул. Павлюхина, д. 57