Перейти к содержимому
РОО «Национально-культурная автономия туркмен» Республики Татарстан

РОО «Национально-культурная автономия туркмен» Республики Татарстан

Основное меню
  • Портал
  • Главная
  • Об организации
    • Руководство
    • Структура
    • Документы
    • Контакты
  • Новости
  • Медиа
    • Видео
    • Фото
  • Гостевая
  • Главная
  • Новости
  • Ze­nan­la­ry­my­zyň aja­ýyp was­py

Ze­nan­la­ry­my­zyň aja­ýyp was­py

admin 19.03.2015

(19 марта 2015) Göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da gyz-ge­lin­le­ri­mi­zi wasp edip, eser dö­ret­me­dik, goş­gy ýaz­ma­dyk şa­hyr ýa-da ýa­zy­jy ýok bol­sa ge­rek.

Her bir şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de söý­gi mow­zu­gy özü­ne my­na­syp or­ny eýe­le­ýär. Nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­myz­da Wa­ta­ny­ny ja­ny-te­ni bi­len sö­ýen ser­ker­de şa­hyr hök­mün­de ta­na­lyp, esa­san, wa­tan­çy­lyk, har­by-gah­ry­man­çy­lyk te­ma­la­ryn­da ýa­zan goş­gu­la­ry bi­len ýat­lan­ýan Se­ýit­na­zar Seý­di hem türk­men ge­lin-gyz­la­ry­ny wasp edip, bir­nä­çe aja­ýyp şy­gyr­la­ry dö­re­dip­dir.

Se­ýit­na­zar Seý­di­niň söý­gi mowzugyndaky goş­gu­la­ry türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň ru­hy ah­wa­la­ty­ny, edep­li­li­gi­ni, çe­per­li­gi­ni, şa­han­daz­ly­gy­ny, buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär. Onuň şy­gyr­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gin­de gyz-ge­lin­le­re bildirilýän söý­gi duý­gu­la­ry bar. Onuň goş­gu­la­ry ýö­ne­keý­li­gi hem nä­zik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Seý­di­niň yş­ky-li­ri­ka­syn­da yn­san söý­gü­si­ne bo­lan oňyn ga­ra­ýyş­la­ry, türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň görk-gör­me­gi we olaryň gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri be­ýan edil­ýär. Şa­hyr türk­men ge­lin-gyz­la­ry­na bo­lan buý­san­jy­ny, adam­kär­çi­lik­li hä­si­ýet­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýan se­tir­le­rin­de türk­men di­li­niň baý­ly­gy­ny us­sat­lar­ça ulan­ma­gy ba­şar­ýar. Eser­le­ri­niň söz­le­ri­ni sün­nä­läp saz­laş­dy­ryp, se­tir­le­ri ýer­be-ýer ula­nyp, ýa­zan­dy­gy üçin olar ýat­da ga­ly­jy­ly­gy, nä­zik­li­gi bi­len özü­ne ben­di ed­ýär.

Ede­bi­ýat­çy alym Han­gu­ly Taň­ry­ber­di­ýew Se­ýit­na­zar Seý­di­niň söý­gi li­ri­ka­sy­ny iki to­pa­ra böl­ýär. Bi­rin­ji to­pa­ra şahyryň gün­do­gar ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy­la­ry­nyň däp­le­ri­ne eýe­rip ýa­zan “Le­bap iç­re”, “Ma­ru-Şa­hu-Ja­han iç­re”, “Eý, ýa­ry Ha­rez­mi”, “Se­ý­di­dir”, “Gül”, “Sa­ňa”, “Eý­le­mez­mi”, “Näz­li”, “Ni­gä­rim”, “Pyr­ka­tyň”, “Sa­da­ga”, “Ge­rek­dir”, ”Hun­ba­rym me­niň”, “Mes­ta­na­ýy” ýa­ly mu­ham­mes­le­ri­ni we ga­zal­la­ryny gi­rip­dir. Ha­ky­kat­da­nam, şa­hy­ryň bu goş­gu­la­ryn­da arap-pars söz­le­ri­ne kän duş gel­mek bol­ýar. Şo­nuň üçin hem şy­gyr­la­ryň di­li bi­raz agyr­rak­dyr. Se­ýit­na­zar Seý­di meň­zet­me, de­ňeş­dir­me, me­ta­fo­ra we ulalt­ma­lar ýa­ly bir­nä­çe til­sim­le­ri ula­nyp, şy­gyr­la­ry­nyň çe­per­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Şa­hyr Sag­dy­nyň, Ha­fy­zyň, No­wa­ýy­nyň, Fu­zu­ly­nyň ýa­zan aja­ýyp ga­zal­la­ry bi­len deň ha­tar­da du­rup bil­jek çe­per ga­zal­la­ryň bir­nä­çe­si­ni dö­red­ýär. Mu­ňa “Gül”, “Ne­sip”, “Is­te­mek ol­maz”, “Is­te­ýip”, “Mes­ta­na­ýy”, “Le­bap iç­re”, “Pyr­ka­tyň”, Sa­da­ga” ýa­ly ga­zal­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar. Seý­di­niň bu eser­le­ri­niň us­sat­ly­gy­nyň Gün­do­gar nus­ga­wy ede­bi­ýa­tyň şa­hyr­la­ry­nyň hiç bi­rin­den kem dur­ma­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­mek müm­kin:

Açy­lar her subh gü­nä gül ol ba­har eý­ýa­my gül,

Ni­çe gün gül­şen­de bol­gaý an­da­ly­byň da­my gül,

Ger çe­men-sah­ny­da ol­tur­sa aman her ýan­dan,

Hoş ta­ra­wut bir­le bil­bil­den alyp ara­my gül.

Bu ga­za­lyn­da Seý­di Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da mah­sus bo­lan me­ta­fo­ra­la­ry ýer­lik­li ulan­ýar. Şa­hyr di­wan ede­bi­ýa­ty­nyň beý­le­ki şy­gyr gör­nüş­le­rin­de hem söý­gi maz­mu­ny­na ýüz­len­ýär. Onuň “Pyn­han­dyr”, “Çeş­mi-gir­ýa­nym sa­ňa”, “Ma­hy-ruh­sa­rym me­niň”, “Ni­gä­rim”, “Ta­pyl­maz”, “Gam bol­dy az”, “Ge­rek­dir” ýa­ly mu­ham­mes­le­rin­de hem di­wan ede­bi­ýa­tyn­da ýör­gün­li ula­nyl­ýan çe­per­çi­lik se­riş­de­le­ri, meň­zet­me­le­ri, de­ňeş­dir­me­le­ri köp ula­nyl­ýar.

Seý­di­niň söý­gi li­ri­ka­sy­nyň ikin­ji to­pa­ry türk­men halk şyg­ry­ýe­ti­ne mah­sus bo­lan mu­rab­bag şe­ki­lin­de ýa­zy­lyp­dyr. Ola­ryň di­li-de hal­kyň gep­le­şik di­li­ne has ýa­kyn­dyr. Eser­le­ri­niň ma­ny-maz­mu­ny çuň­laş­dy­gy­ça, kal­by­nyň joş­gu­ny, onuň li­rik gah­ry­ma­ny öz pe­ri­si­ni haý­sy­dyr bir hy­ýa­ly ýer­ler­de däl-de, hut öz oba­syn­dan göz­le­ýär. Şa­hy­ry hy­ýa­ly hüýr-pe­ri­ler däl-de, sa­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry, ola­ryň näz bi­len otu­ryp-tur­şy, uz ba­sy­şy, ta­wus dek da­ra­ny­şy, buý­sanç­ly ýö­reý­şi, ba­har-ýa­za ça­lym­daş keş­bi, al-el­wan öw­süp seý­le çy­ky­şy, şa­dy­ýan lä­le ka­ky­şy, il gez­ýän el hü­när­le­ri ben­di ed­ýär.

Gör­şü­miz ýa­ly, ser­ker­de şa­hy­ryň söý­gi mow­zu­gyn­da ýa­zan goş­gu­la­ry hiç bir nus­ga­wy şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­dan pes­de dur­ma­ýar. Onuň söý­gi mow­zu­gyn­da dö­re­den goş­gu­la­ry gözel gyz-ge­lin­le­ri­mi­ziň ba­har paslynyň aja­ýyp gün­le­rin­de has hem buý­sanç­ly we be­lent­den ýaň­lan­ýar.

http://www.zamantm.com/tm/mainAction.action

Продолжить чтение

Назад: Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow bi­len Ha­san Ru­ha­ni­niň
Далее: Gymmat düşen negatiw düýş

 

ПОСОЛЬСТВО ТУРКМЕНИСТАНА В РОССИИ

 

577c3ae2bb0b6155bd4605ce

           

bn-of-rt bn-uslugi bn-ufms bn-anrussia bn-prch
 ДЛЯ СЛАБОВИДЯЩИХ
© РОО «Ассамблея народов Татарстана» Тел.: 8 (843) 237-97-99 E-mail: an-tatarstan@yandex.ru
ГБУ «Дом Дружбы народов Татарстана» Тел.: 8 (843) 237-97-90 E-mail: mk.ddn@tatar.ru
420107, г. Казань, ул. Павлюхина, д. 57