Türkmen talybynyň üstünligi

(9 декабря 2015) Tatarstan respiblikasynyň Dostlar Öýiniň gurnamagynda “Daşary ýurt talyplarynyň güni” atly Kazan şäherinde okaýan daşary ýurt talyplarynyň arasynda tapgyrlaýyn festiwal geçirildi. 

06eXW2o2dgA

Bu festiwalda Türkmenistan, Mongoliýa, Türkiýe, Täjigistan, Hindistan, Wýetnam, Gazagystan, Özbekistan, Izraýyl, Malaziýa, Azarbaýjan, Gürjüstan, Madagaskar, Nigeriýa, Burund, Marokko, Latwiýa we ABŞ ýaly döwletleriň Kazan şäherinde okaýan talyplary öz halkynyň medeniýeti we sungatyny görkezdiler.Festiwalyň jemleýji tapgyry 4-nji dekabrda Uniksyň konsertlar zalynda geçirildi. Jemleýji tapgyrda Türkmen ildeşimiz ýaş zehinli aýdymçy Kazan döwlet medeniýet institutynyň talyby Seýil Myradow öz aýdymlaryny ezberlik bilen tomaşaçylara ýetirdi. Tomaşaçylar diýsen oňat garşyladylar , esasanda tomaşa edýän türkmen talyplarymyzy türkmen medeniýetimiziň örän çuňňurlygy, baýlygy hemde ýaş zahinli bagşy Seýil Myradowyň märekä ezberlik bilen ýetirendigi örän buýsandyrdy, begendirdi ýürekleri joşa getirdi. Seýil Myradow bäsleşikli festiwalda ýigirmiden gowrak döwletiň arasynda III orna mynasyp boldy. Ildeşimizi üstünligi bilen gutlaýas hem-de şeýle mümkinçilikleri döredip beren Mähriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, il-ýurt bahbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny beýik Biribardan dileg edýas.

Сарык Сарыков

Добавить комментарий

bn-of-rt bn-uslugi bn-ufms bn-anrussia bn-prch